Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistana iş saparyny amala aşyrar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistana iş saparyny amala aşyrar
Gepleşikleriň barşynda taraplar söwda-ykdysady mümkinçilikleri we gatnaşyklary giňeltmek üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny bellediler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 28-29-njy noýabr aralygynda goňşy Özbegistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Saparyň çäklerinde türkmen Lideriniň Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen ikiçäk duşuşygynyň bolmagy meýilleşdirilýär. Iki ýurduň Baştutanlary hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça türkmen-özbek gatnaşyklaryny giňeltmegiň mümkinçiliklerine serederler.

Iki ýurduň döwlet Baştutanlary 30-njy oktýabrda telefon arkaly gepleşik geçiripdi. Gepleşikde goňşy ýurtlary baglanyşdyrýan ulag ýollarynyň, şol sanda Türkmenistan tarapyndan Amyderýanyň üstünden gurlan awtomobil we demir ýol köprüleriniň strategik ähmiýetine aýratyn üns berildi.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew soňky gezek 10-njy oktýabrda Aşgabat şäherinde GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň öňüsyrasynda duşuşdylar.

Duşuşykda iki ýurduň Prezidenti bilelikdäki giň gerimli düzümleýin taslamalary, ozaly bilen, täze üstaşyr geçelgäniň taslamasyny amala aşyrmagyň möhümdigini bellediler. Bu taslamanyň Eýranyň, Omanyň hem-de Hindistanyň deňiz portlaryna gysga ýol bilen çykmaga, şeýle hem, söwda, üstaşyr gatnawlary we maýa goýumlaryny has-da artdyrmaga mümkinçlik döretjekdigi aýdyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022