Dürli ulgamlarda bökdençlikleri azaltmak boýunça Aşgabat başlangyçlary kabul edildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Dürli ulgamlarda bökdençlikleri azaltmak boýunça Aşgabat başlangyçlary kabul edildi
SPEKA-nyň çärelerine gatnaşyjylar söwda gatnaşyklaryny alyp barmagyň kadalaşdyryjy tertibini ýenilleşdirmek hem-de ulag ulgamlarynyň arabaglanyşygyny ösdürmek mümkinçilikleri barada gürrüň etdiler.

SPEKA-nyň sebitinde özara gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň hukuk gurallaryny, kadalaryny, ölçeglerini hem-de maksatnamalaryny ulanmak arkaly söwda we ulag ulgamlarynda bökdençlikleri azaltmak boýunça Aşgabat başlangyçlary kabul edildi.

Aşgabatda “SPEKA günleri” penşenbe güni tamamlandy. Onuň çäklerinde iki çäre – ykdysady forumyň ikinji güni hem-de BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň Ýolbaşçy geňeşiniň on dördünji sessiýasy geçirildi.

Çärä gatnaşyjylar söwda gatnaşyklaryny alyp barmagyň kadalaşdyryjy tertibini ýenilleşdirmek hem-de ulag ulgamlarynyň arabaglanyşygyny ösdürmek mümkinçilikleri barada giňişleýin gürrüň etdiler.

Taraplar sebitleýin bazarlara elýeterliligi ýeňilleşdirmek, şol sanda üpjünçiligiň serhetara torlarynyň sazlaşykly hereketini üpjün etmek maksady bilen öz tekliplerini we maslahatlaryny berdiler.

Bu tagallalaryň SPEKA-nyň ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky arabaglanyşygyny güýçlendirmäge gönükdirilip, bularyň öz nobatynda sebite täze maýa goýumlarynyň, tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň çekjekdigi bellenildi.

SPEKA Maksatnamasy Merkezi Aziýada sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de onuň dünýä ykdysadyýetine goşulyşmak maksady bilen, 1998-nji ýylda badalga aldy. Türkmenistan, Azerbaýjan, Owganystan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan SPEKA agza ýurtlar bolup durýar.