Türkmenistanyň demir gorlaryny gaýtadan işleýän kärhanany açmak barada tabşyryk berildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň demir gorlaryny gaýtadan işleýän kärhanany açmak barada tabşyryk berildi
Täze metallurgiýa kärhanasynyň işini ýola goýmak hem-de zawodyň ýerleşjek ýerlerini kesgitlemek boýunça bilelikde iş alyp barmak babatda degişli ýolbaşçylara görkezme berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda ýüze çykarylan demriň gorlaryny senagat taýdan işleýän täze metallurgiýa kärhanasyny gurmak barada anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutany gurluşyk işleriniň depgininiň ýokarlanýandygyny belläp, demir gorlarynyň netijeli özleşdirilmegi üçin täze önümçiligiň döredilmeginiň zerurdygyny nygtady.

Prezident Berdimuhamedow täze metallurgiýa kärhanasynyň işini ýola goýmak hem-de zawodyň ýerleşjek ýerlerini kesgitlemek boýunça bilelikde iş alyp barmak babatda degişli ýolbaşçylara görkezme berdi.

14-nji maýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde “Danieli S.p.A” italýan kompaniýasynyň wise-prezidenti Renato Pesano bilen birleşmäniň başlygy Aleksandr Dadaýew Türkmenistanda polat erediji kärhanasynyň gurluşygy boýunça maýa goýum taslamasyny durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek hakynda ylalaşypdylar.

“Türkmengeologiýa” Döwlet korporasiýasy tarapyndan Türkmenistanyň demirgazygynda, Çagyl ýatagynda demir magdanynyň iri käni (takmynan 70-75 million tonna) tapyldy. Hünärmenleriň hasaplamalary boýunça demir-magdan çig malynyň düzüminde demriň 20 göterimi bar.

2018-nji ýylda dünýäde demir magdanynyň bazary 93 milliard dollara golaý boldy. Bu harydy öndüriji ýurtlardan Awstraliýa 46.7 milliard ABŞ dollaryna (umumy eksportyň 50.4%-i) barabar demir magdanyny eksport etdi. Sanawyň birinji üçlüginde Braziliýa (21.8%) we Günorta Afrika Respublikasy (4.6%) hem bar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022