Türkmenabatdaky “Kristal” zawodynda gazly suwuň 40 görnüşi öndürilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenabatdaky “Kristal” zawodynda gazly suwuň 40 görnüşi öndürilýär
"Kristal" zawodynda häzirki wagtda 18 adam zähmet çekýär.

Türkmenabat şäheriniň Birinji senagat zolagynda ýerleşýän “Kristal” suw zawodynda “Kristal” haryt nyşanly suwuň 40-dan gowrak görnüşi öndürilýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Myrat Jumakulyýewiň bu hususy kärhanasynda häzirki wagtda 18 adam zähmet çekýär.

Kärhanada öndürilýän gazlandyrylan suwlar Lebap we Mary welaýatlarynyň söwda nokatlaryna ugradylýar. Kärhananyň önümçiligine zerur bolan goşundylar Russiýadan we Germaniýadan getirilýär.

Daşary döwletlerden getirilen kuwwatly tehnikalar arkaly amala aşyrylýan önümçilikde esasy çig mal hökmünde arassalanan agyz suwy ulanylýar.

“Kristal” suw zawody 2003-nji ýyldan bäri işleýär. Şu ýyl zawodyň önümçiliginiň ösüş depgini 105 göterime ýetdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022