Lebap welaýatynda ýerleşýän Halajyň çeper halyçylyk kärhanasynda şu ýyl 215 inedördül metre barabar bolan uly haly dokaldy.
Gelin-gyzlaryň 80 sanysynyň dokan bu halysyna 800 kilograma golaý nah ýüplük harçlanyldy.
1986-njy ýylda açylan Halajyň çeper halyçylyk kärhanasynda soňky ýyllarda 200 orunlyk täze sehleriň binalary gurlup ulanylmaga berildi.
Halyçylyk kärhanasynda 2200-den gowrak halyçy zähmet çekýär. Çeper halyçylyk kärhanasynda dokalýan ululygy 30-40 inedördül metr bolan halylara isleg barha artýar.
Geçen ýyl Halajyň çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçylary el halylarynyň we haly önümleriniň önümçiligini ilkinji gezek 9 müň 100 inedördül metrden geçirdiler.
Buýurmalar esasynda kärhanada 70 inedördül metrden 180 inedördül metre çenli özboluşly uly göwrümli halylar hem dokalýar.
Islegli önümiň çykarylşyny artdyrmak maksady bilen oba ýerlerinde Halajyň çeper halyçylyk kärhanasynyň bölümlerini açmak boýunça iş alnyp barylýar. Häzirki wagtda kärhanadan daşarda, öz öýlerinde halyçy zenanlaryň 230 sanysy haly dokamak bilen meşgullanýar.