Täze ulag geçelgesi Türkmenistany Türkiýä we Yraga birikdirer

BIZNES TÜRKMENISTAN
Täze ulag geçelgesi Türkmenistany Türkiýä we Yraga birikdirer
Türkmenistan-Eýran serhedinden başlap, Türkiýä we Yraga çenli dowam edýän Gündogar – Günbatar ulag geçelgesiniň gurluşygy indiki ýylyň martynda tamamlanar.

Türkmenistan-Eýran serhedinden başlap, Türkiýä we Yraga çenli dowam edýän Gündogar – Günbatar ulag geçelgesiniň gurluşygy 2020-nji ýylyň mart aýynyň aýagyna çenli tamamlanar.

Eýranyň ISNA agentliginiň habar bermegine görä, ýurduň Ýol we şäher gurluşyk ministriniň orunbasary we Ulag infrastrukturasyny gurmak we kämilleşdirmek kompaniýasynyň direktory Heýrollah Hademi bu ulag geçelgesiniň Eýranyň Sarahs şäherinden başlaýandygyny mälim etdi.

“Türkmenistan bilen serhetleşýän Sarahsdan başlanjak geçelge Maşadyň üsti bilen Tährana barar. Bu ýerde geçelge ikä bölüner. Olaryň biri demirgazyk günbatara we Tebrize tarap dowam eder. Ikinjisi bolsa, Tährany Hamedan we Sanandaja birikdirer” diýip, Hademi belledi.

Hademi geçelge bilen bir hatarda öňümizdäki ýylda ýurduň goňşularyny birleşdirjek 105 kilometr uzynlyga barabar bolan dört zolakly awtobanyň hem gurluşygynyň tamamlanyljakdygyny aýtdy.

Täze ulag geçelgesiniň Türkmenistana birigýän böleginde 1996-njy ýyldan bäri Tejen – Sarahs – Maşat demir ýoly hereket edýär. 315 kilometrlik bu demir ýoly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Eýranyň demir ýol infrastrukturasyny ulanyp Pars aýlagyna, şeýle hem Ýewropa ýurtlaryna aralaşmak isleginiň esasynda guruldy.

2022