Ahal welaýaty “Asman Oky” kompaniýasynyň elektron kanselýariýa hyzmatyny ulanar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ahal welaýaty “Asman Oky” kompaniýasynyň elektron kanselýariýa hyzmatyny ulanar
“Asman Oky” hojalyk jemgyýeti häzirki wagta çenli 80-den gowrak taslamany durmuşa geçirdi.

Ahal welaýatynyň häkimligi ýakyn günlerde “Asman Oky” hojalyk jemgyýetiniň işläp taýýarlan elektron kanselýariýa ulgamyndan peýdalanmaga başlar. Kompaniýadan alnan maglumata görä, häzirki wagtda bu ulgamy ornaşdyrmak işleri ýerine ýetirilýär.

Elektron kanselýariýa ulgamy giriş we çykyş hatlaryny, şeýle hem edaranyň içerki resminamalaryny elektron hasaba almaga mümkinçilik berýär.

Bu ulgam ähli resminamalary bir ýerde jemlemek arkaly umumy hatlary dolandyrmakda, degişli resminamalary dolandyrmak üçin ulanyjy hasaplaryny açmakda we olaryň rugsatlaryny kesgitlemekde, tabşyryklary dolandyrmakda, resminamalary görnüşlerine görä saýhallamakda we degişli hasabatlary taýýarlamakda aňsatlyk döredýär.

Türkmenistanda maglumat tehnologiýasy boýunça işleri alyp barýan “Asman Oky” hojalyk jemgyýeti häzirki wagta çenli 80-den gowrak taslamany durmuşa geçirdi. Häzirki gün 105 müňe ýakyn ulanyjy kompaniýanyň ýerine ýetiren taslamalaryndan peýdalanýar.

Kompaniýanyň esasy taslamalarynyň biri hökmünde “Türkmendemirýollary” agentliginiň elektron bilet we dolandyryş ulgamyny görkezmek bolar. “Asman Oky”-nyň işläp taýýarlan resmi internet saýty we applikasiýasynyň esasynda ýolagçy biletlerini onlaýn satyn almaga mümkinçilik döredildi. Kompaniýanyň taýýarlan kassa programmasy agentligiň ähli kassalaryna ýerleşdirilip, onlaýn bilet ulgamy bilen utgaşdyryldy, şeýle hem elektron biletleri barlamak maksady bilen ýolbeletler üçin “android” dolandyryş ulgamynda işleýän QR skanerleri taýýarlanyldy.

“Türkmendemirýollary” agentliginiň elektron maglumat ulgamyndan gündelik ortaça 15 müň adam peýdalanýar. Olaryň ortaça 1,500 sanysy elektron bilet satyn alýar. Agentligiň çäginde kompaniýa tarapyndan “24x7” tehniki goldaw we monitoring merkezi döredildi.

“Asman Oky” HJ ýurdumyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň we Agyr atletika boýunça Dünýä çempionatynyň resmi internet sahypalaryny we applikasiýalaryny işläp taýýarlan ýerli IT kompaniýasy hökmünde çykyş etdi.

Kompaniýa döwlet edaralary bilen bir hatarda hususy ulgamyň wekilleri bilen hem ýakyndan iş alyp barýar.

“Asman Oky” HJ hepdäniň ähli günleri 24 sagadyň dowamynda maglumat howpsuzlygy boýunça hünärmenleri bilen internet torunyň maglumatlar goragyny üpjün etmek we internet saýtlaryny kiber hüjümlere garşy goramak işleri boýunça hyzmatlary hem hödürleýär. 

2022