“Beýik Ýüpek Ýoly” 111 tonnalyk uly göwrümli sowadyjyny daşady

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Beýik Ýüpek Ýoly” 111 tonnalyk uly göwrümli sowadyjyny daşady
Sowadyjy “PetroGas” golland kompaniýasynyň sargydy boýunça Germaniýadan iberildi.

“Beýik Ýüpek Ýoly” hususy kärhanasy Türkmenbaşynyň halkara deňiz portundan Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna (TNGIZT) çenli 111 tonnalyk sowadyjyny daşamak işini üstünlikli ýerine ýetirdi.

Sowadyjy “PetroGas” golland kompaniýasynyň sargydy boýunça Germaniýadan iberildi. Ýüküň uzynlygy – 28,45, ini – 3,41, beýikligi – 3,72 metr. Ol gyzgyn nebit garyndylaryny 1330 gradusdan 120 gradusa çenli sowatmak üçin niýetlenendir.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Beýik Ýüpek Ýoly” hususy kärhanasynyň ýokary tejribeli hünärmenleri enjamy treýlere ýüklemek we bellenilen ýere çenli daşamak boýunça meýilnamany işläp düzdüler. Agyr agramly we uly gabaraly ýüki TNGIZT-e eltmek üçin 15-16 sagat sarp edildi.

“Beýik Ýüpek Ýoly” HK 2010-njy ýyldan bäri Türkmenistanda, şol sanda halkara derejesinde ulag we logistika ugry boýunça işleri amala aşyrýar. Onuň howply, tiz zaýalanýan, uly gabaraly, agyr agramly, şeýle hem başga-da adaty bolmadyk ýükleri daşamakda baý tejribesi bardyr.

Häzirki günde kärhanada 100-den gowrak hünärmen işleýär, olaryň sany ýerine ýetirilýän işleriň geriminiň artmagynyň hasabyna köpelýär.

“Beýik Ýüpek Ýoly” HK-nyň baş edarasy Aşgabatda, iň uly şahamçasy bolsa Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýär. Şeýle hem kärhananyň şahamçalary ýurduň ähli welaýatlarynda hereket edýär.