Jimmi Çunyň çäresinde türkmen moda dizaýneriniň lybaslary görkezildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Jimmi Çunyň çäresinde türkmen moda dizaýneriniň lybaslary görkezildi
Türkmen moda dizaýneri Aýşat Söýünowanyň lybaslary Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen “Central Asia Designers Gala” çäresinde görkezildi.

Türkmen moda dizaýneri Aýşat Söýünowanyň lybaslary Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherinde 26-njy noýabrda geçirilen “Central Asia Designers Gala” çäresinde görkezildi.

Belli merjen şaý-sep brendi “Rafflesia” we meşhur dizaýner Jimmi Çunyň gurnamagynda geçirilen çärä Türkmenistan bilen bir hatarda Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň dizaýnerleri gatnaşdy.

Moda çäresiniň maksatnamasynyň çäklerinde dizaýnerler Jimmi Çudan moda sapagyny aldylar, şeýle hem öz lybaslaryny belli moda žurnallary üçin surata düşürmäge mümkinçilik tapdylar.

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçihanasynyň goldaw bermeginde, şeýle hem Jimmi Çunyň çakylygy esasynda Türkmenistanyň adyndan gatnaşan 18 ýaşly zenan dizaýner Söýünowa “Gül zaman” moda öýüniň binýadynda döreden “Turkmen Haute Couture” lybas ýygyndysyny moda senagaty bilen gyzyklanýanlara görkezdi.

“SOYUNO.VA” brendiniň esaslandyryjysy bolan ýaş dizaýner öz internet sahypasynda ýaýradan beýanatynda Jimmi Çunyň işlerini kiçi ýaşlaryndan bäri yzarlaýandygyny aýdyp, çäräniň dowamynda “taryhy” dizaýnerden gutlag we öwgi sözlerini alandygyny belledi.

Aýşat Söýünowa ilkinji moda görkezilişleriniň birini mart aýynda Wena şäherinde geçirdi.

Dizaýner awgust aýynda “Bagtyýarlyk” söwda merkezinde geçirilen çärede “Gül zaman” moda öýi bilen bilelikde taýýarlan “Tümmül” atly lybas ýygyndysyny ýerli moda söýüjiler bilen tanyşdyrdy. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022