“Myradym” Kerkide şalyny gaýtadan işleýän toplumyň gurluşygyny tamamlap barýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Myradym” Kerkide şalyny gaýtadan işleýän toplumyň gurluşygyny tamamlap barýar
“Myradym” özlerine bölünip berlen ýeriň 15 gektarynda ilkinji gezek şaly ekdi.

“Myradym” hususy kärhanasy Lebap welaýatynyň Kerki etrabynda şalyny gaýtadan işleýän kärhananyň gurluşygyny tamamlap barýar.

Desganyň gurluşygy 2016-njy ýylda başlanyp, häzirki wagta çenli gurluşa goýberilen pul serişdeleriniň 576 müň manatdan gowragy özleşdirildi.

Her ýyl 10 müň tonna şalyny gaýtadan işlemäge ukyply bolan bu toplumda şaly arassalanyp, dürli gaplara gaplanyp, ilata ýetiriler.

Şu ýyl hususy kärhana tarapyndan özlerine bölünip berlen ýeriň 15 gektarynda ilkinji gezek şaly ekildi. Alnan bol hasylyň netijesinde “Myradym” tarapyndan geljek ýylda onuň ekiliş möçberiniň artdyrylmagy meýilleşdirilýär.

Şalyny gaýtadan işleýän toplumyň alkymynda dekabr aýynda hususy kärhana degişli üç gektar meýdanda söwda merkeziniň we bazaryň gurluşygy tamamlanar.

“Myradym” HK Kerki etrabynyň çäginde ýerleşýän “Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy” (ozalky Zeýit) suw howdanyny satyn alyp, şu ýylyň güýzünde balyklary alyjylara hödürledi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022