Kazanda Türkmenistanyň Baş konsullygy açylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Kazanda Türkmenistanyň Baş konsullygy açylar
Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsullygy 2019-njy ýylyň dekabrynda açyldy.

Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherinde Türkmenistanyň Baş konsullygy açylar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi.

Döwlet Baştutany Daşary işler ministrligine ýakyn wagtda Baş konsuly wezipä bellemek üçin teklip bermegi hem-de halkara kadalaryna laýyklykda, bu edarany açmagyň we onuň işini guramagyň ähli meseleleriniň üstünde işlemegi tabşyrdy.

“Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynda (Kazan şäheri) Baş konsullygyny açmak hakyndaky” Karar “Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralary hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda taýýarlanyldy.

Türkmenistan Baş konsullygy açmak ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek hem-de ilata konsullyk işi boýunça netijeli hyzmat edilmegini üpjün etmegi maksat edinýär.

Häzirki wagtda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde Türkmenistanyň Ilçihanasy, şeýle hem Astrahan şäherinde konsullygy hereket edýär.