Halkara sergiler býurosyna Türkmenistanyň wekili bellenildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Halkara sergiler býurosyna Türkmenistanyň wekili bellenildi
Türkmenistanyň "Expo 2010 Shanghai" halkara sergisindäki pawiliony

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky (Pariž şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şöhrat Durdykulyýewiç Jumaýew Türkmenistanyň Halkara sergiler býurosynyň ýanyndaky wekili wezipesine bellenildi.

Jumaýew 2018-nji ýylyň 20-nji dekabryndan bäri Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky (Pariž ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi wezipesini ýerine ýetirip, şu ýylyň 2-nji maýynda ÝUNESKO-nyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekili wezipesine bellenildi.

Halkara sergiler býurosy 1928-nji ýylda Parižde esaslandyryldy. Gurama häzirki wagtda 170 ýurt agza bolup durýar.

Türkmenistan Halkara sergiler býurosyna 2012-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda agza boldy.

Türkmenistan ilkinji gezek guramanyň 1993-nji ýylda Koreýa Respublikasynyň Tedžon şäherinde geçirilen ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşdy.

2020-nji ýylyň oktýabr aýynda açyljak “Expo 2020” halkara sergisinde Türkmenistanyň pawilionynyň mowzugy “Bäşiň güýji” bolar. Dubaý şäherinde geçiriljek sergide türkmen pawiliony “Tekmil” kärhanasy tarapyndan taýýarlanylýar. Bu pawilionyň ululygy 1,581 inedördül metr bolmak bilen Türkmenistanyň häzirki wagta çenli gatnaşan sergileriniň arasynda iň ulusydyr.

2022