ÝHHG-niň Aşgabatdaky seminarynda zähmet migrasiýasynyň ykdysady bähbitleri maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
ÝHHG-niň Aşgabatdaky seminarynda zähmet migrasiýasynyň ykdysady bähbitleri maslahatlaşyldy
ÝHHG dekabr aýynyň 5-6-sy aralygynda Asgabatda “Zähmet migrasiýasynyň ykdysady bähbitleri: ÝHHG-nyň iň gowy tejribeleri” atly okuw-türgenleşigini geçirdi.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) dekabr aýynyň 5-6-sy aralygynda Asgabat şäherinde “Zähmet migrasiýasynyň ykdysady bähbitleri: ÝHHG-nyň iň gowy tejribeleri” atly okuw-türgenleşigini geçirdi. Bu barada guramanyň sişenbe güni ýaýradan metbugat beýanatynda habar berilýär.

Seminara Daşary işler ministrliginiň, Milli howpsuzlyk ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Döwlet migrasiýa gullugynyň we Döwlet gümrük gullugynyň hökümet işgärleri hem-de jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri gatnaşdy.

Iki-günlük okuw-türgenleşigine gatnaşyjylar ÝHHG-niň we halkara kadalaryň çäklerinde işjeň milli migrasiýa syýasatyny ýola goýmakda gerekli bolan maglumatlar we iş usullar bilen tanyşdyryldy.

Italiýaly hünärmen Ugo Melçionda zähmet migrasiýasyny dolandyrmakda ýüze çykýan meseleler barada belläp, täsirli zähmet migrasiýasy endiklerini kemala getirmekde dürli taraplaryň wezipeleri barada aýdyp berdi.

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň başlygy Natalýa Drozd bu okuw-türgenleşiginiň Türkmenistanyň işjeň zähmet migrasiýasyny ýola goýmakda alyp barýan işlerine goldaw berjekdigine ynanýandyklaryny nygtady.

Seminaryň dowamynda zähmet migrasiýasynyň ýurtlar we immigrantlar üçin döretjek ykdysady mümkinçiliklerinden peýdalanmakda yzygiderli we wagtlaýyn migrasiýa ulgamlarynyň işlenilip düzülmeginiň ähmiýeti barada aýdylyp geçildi. 

2022