Rimde “Italiýa we Merkezi Aziýa” formatyndaky ilkinji duşuşyk geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Rimde “Italiýa we Merkezi Aziýa” formatyndaky ilkinji duşuşyk geçirildi
Maslahata Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrleri, Gazagystanyň DIM-niň orubasary we Türkmenistanyň DIM-niň orunbasary Wepa Hajiýew gatnaşdylar.

Anna güni Italiýanyň paýtagty Rim şäherinde “Italiýa we Merkezi Aziýa: özara düşünişmegi, hyzmatdaşlygy we arkalaşygy berkitmek” atly halkara maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-ň resmi internet sahypasynda habar berilýär.

Maslahata Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrleri, Gazagystanyň DIM-niň orubasary we Türkmenistanyň DIM-niň orunbasary Wepa Hajiýew gatnaşdylar. Şeýle-de, Ýewropa bileleşiginiň, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň, Aziýanyň ösüş bankynyň we Bütindünýä bankynyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar tarapyndan özarabähbitli esasda ösdürmek üçin iňňän uly mümkinçilikleri bolan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň ähmiýetli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Öz çykyşynda türkmen diplomaty ýygnananlaryň ünsüni Italiýanyň Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň arasyndaky iri hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny we şu maslahatyň öz nobatynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Italýan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygynyň täze tapgyryna gadam basýandygyny we onuň sebit hem-de halkara gün tertibiniň möhüm ugurlary boýunça ulgamlaýyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna giň mümkinçilikleri açýandygyny aýratyn nygtady.

2022