Türkmenistan we BMG durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek boýunça ylalaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we BMG durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek boýunça ylalaşdylar
Gol çekmek dabarasyna Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa gatnaşdy.

Duşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämileşdirmek” atly BMG-niň maksatnamasyna gol çekişlik dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynyň habar bermegine görä, resminama gol çekmek dabarasyna Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa gatnaşdy.

Bu taslamada durmuş hyzmatlary ulgamyny kämilleşdirmek we bu ugurda BMG-niň düzümleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk saklamak boýunça işleri alyp barmak göz öňünde tutulýar.

Gol çekilen bilelikdäki maksatnama Türkmenistanyň döwlet edaralary we jemgyýetçilik guramlary bilen BMG-niň degişli edaralarynyň bilelikdäki hyzmatdaşlygyny berkitmekde we giňeltmekde hukuk esasyny döreder.

Türkmenistan global Durnukly ösüş maksatlaryny hökümet derejesinde kabul eden ilkinji ýurtlaryň biridir. Şeýle-de Durnukly ösüş maksatlary Türkmenistanyň milli syýasatynda düýpli ornaşdyrylandyr we häzirki wagtda DÖM-niň köp meseleleri ýurdumyzda durmuşa geçirilýän milli we pudaklaýyn maksatnamalarda öz beýanyny tapýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022