“Türkmen şöhle” hojalyk jemgyýeti plastik önümleriniň eksport mukdaryny artdyrýar. Kärhana tarapyndan önümleriň köp bölegi Belarusa, şeýle-de Özbegistan we Gyrgyzystana ugradyldy.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň habar bermegine görä, şu ýylyň soňky alty aýynda Aşgabat şäher gümrükhanasynda hasaba alnan plastik önümleriň düzümi esasan hem, bedre, gül bedrejikleri, legeniň dürli görnüşleri, sebet ýaly önümlerden ybarat boldy.
Plastikden ýasalýan dürli görnüşli önümleri öndürmek bilen adygan “Türkmen şöhle” hojalyk jemgyýeti 2016-njy ýylda esaslandyryldy.
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde 2.5 gektar meýdanda ýerleşýän zawodda häzirki wagtda 150-den gowrak adam zähmet çekýär.