Türkmenistan kompýuter we noutbuklaryň önümçiligini ýola goýýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan kompýuter we noutbuklaryň önümçiligini ýola goýýar
Täze kompýuterleriň tehniki häsiýetnamasy we programma üpjünçiligi Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen kegitlendi.

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklary ministrliginiň Kompýuter tehnologiýa merkeziniň “Agzybirlik tilsimaty” bilelikdäki kärhanasy kompýuterleriň, noutbuklaryň we netbuklaryň kämilleşdirilen görnüşiniň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär. Bu kompýuterleriň tehniki häsiýetnamasy we programma üpjünçiligi Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen kesgitlendi.

2019-njy okuw ýylynyň başynda ilkinji synp okuwçylary öwrediji kompýuterleriň 153 müň 885 sanysyny Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgat aldylar. Şolaryň 80 müň sanysy “Agzybirlik tilsimaty”-nyň kärhanasynda öndürildi.

Teklip edilýän täze kompýuterler şu ýylky öwrediji kompýuterler bilen deňeşdirilende, kuwwaty we ýokary tizligi, maglumat saklaýyş möçberi, ekranyň ölçegleri hem-de döwrebap programmalar toplumy bilen tapawutlanýar.

Kämilleşdirilen kompýuterler bilen täze okuw ýylynyň 1-nji synp okuwçylaryny üpjün etmek bilen bir hatarda, olary sarp edijilere ýerlemek üçin öndürmegiň hem göz öňünde tutulýandygy bellenildi.

2022