Lebapda maldarçylyk pudagynda telekeçileriň sany artýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Lebapda maldarçylyk pudagynda telekeçileriň sany artýar
Lebap welaýatynyň Saýat etrabynda telekeçi Ş.Saipow daýhan hojalygynda tohumlyk sygyrlaryň 150-den gowragyny idedýär.

Lebap welaýatynyň Saýat etrabynda telekeçi Ş.Saipow daýhan hojalygynda tohumlyk sygyrlaryň 150-den gowragyny idedýär.

Iým üpjünçiligini ýola goýmak üçin telekeçi Saipowa Garagum derýasynyň boýunda 265 gektar ýer bölünip berildi. Maldar bu ýeriň 75 göterimini özleşdirdi.

Telekeçi geljekde et we süýt önümlerini öndürmek maksady bilen häzirki günlerde bu kärhanalaryň gurluşygyny ýerine ýetirýär.

Welaýatyň Halaç etrabynda hem döwrebap mehanizmleşdirilen maldarçylyk toplumlarynyň gurluşygy alnyp barylýar.

Lebap welaýatynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli jemi 25 iri şahly mallaryň fermasy bolup, olarda 3,800-e golaý tohum sygyrlary saklanýar.

Şeýle hem, Lebabyň husysyýetçileri tarapyndan şu ýylyň başyndan bäri 56,65 tonna mal eti, 240 tonnadan gowrak towuk eti,1,473 tonna süýt we 179 tonna golaý süýt önümleri öndürildi.

2022