“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň “Balkangeofizika” edarasynyň hünärmenleri tarapyndan Balkan welaýatynyň çäginde ýerleşýän nebit we gaz känlerinde geofiziki gözleg işleri döwrebap usulda alnyp barylýar.
Şu ýylyň başyndan bäri 408 inedördül kilometr araçäkde 3D usuly bilen, 940,5 kilometr araçäkde bolsa, 2D usuly bilen gözleg işleri geçirildi. Bu usul uglewodorod çig malynyň uly goruny tapmaga we işlemäge amatly şert döretdi.
Geologlar Gumdag, Indarlan, Kelkar, Jebel, Goturdepe we Uzynada nebit känlerinde seýsmiki-gözleg işlerini geçirmek bilen uly tejribe topladylar.
Häzirki wagtda Balkan welaýatynyň çäklerinde, Gamyşlyja, Garadaşly, Azatlyk we Aýtjan meýdançalarynda gözlegler işjeň ýagdaýda alnyp barylýar. Işiň dowamynda döwrebap tehnologiýalar, şol sanda 2D we 3D seýsmiki ölçegler ulanylýar.
Geljekde täze tehnologiýa bolan 4D-ni özleşdirmek meýilleşdirilýär. Bu nebit känlerini özleşdirmekde ýeriň aşagynda hereket edýän suwuklygy ýüze çykarmaga ýardam berýär. 4D usul nebitiň bol ýerini görkezmäge ukyplydyr.