Türkmen-gyrgyz işewürlik gatnaşyklary ýygjamlaşýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen-gyrgyz işewürlik gatnaşyklary ýygjamlaşýar
Şu ýylyň ilkinji ýedi aýynda Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 6,5 million dollara barabar boldy.

Penşenbe güni Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde (TSTB) Gyrgyzystanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işlerini wagtlaýyn ynanylan wekili Turatbek Junuşaliýew we ilçihananyň ikinji sekretary Mars Kamalow bilen duşuşyk geçirildi.

Tükmen tarapyndan duşuşyga TSTB-niň başlygynyň orunbasary, söwda we halkara gatnaşyklar müdirlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda syýahatçylyk pudagyna aýratyn üns berildi. Gyrgyz tarapy bu pudakda Yssyk-Kölde syýahatçylyk zolaklaryny gurmakda türkmen telekeçilerini çekmek boýunça tekliplerini hödürlediler. Şeýle-de, iki ýurduň syýahatçylyk gulluklarynyň hyzmatdaşlygyny ýola goýmak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söwda hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmek maksady bilen Bişkek şäherinde Türkmenistanyň söwda öýüniň açylmagynyň wajyplygy hakynda pikir alşyldy. Mundan başga-da, ilçihanalara täze söwda wekili wezipesiniň girizmek, telekeçiler üçin wiza meselesinde ýeňillikleri girizmek, Aşgabat bilen Bişkegiň arasynda howa gatnawyny ýola goýmak we bilelikdäki kärhanalary döretmek meselelerine seredildi.

Şu ýylyň ilkinji ýedi aýynda Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 6,5 million dollara barabar boldy.

2019-njy ýylda esasan-da, Gyrgyzystana Türkmenistandan ter pomidorlar, çörek we çörek önümleri, ýorgan-düşek daşlygy, turbalar we şlangalar, rakowinalar, unitazlar getirildi. Türkmenistana bolsa Gyrgyzystandan lampalar, plasmas lentalar, ýüň-ýüplük öndürilýän enjamlar import edildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022