Awstriýadaky halkara syýahatçylyk sergisinde türkmen kompaniýalary hyzmatlaryny hödürlär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Awstriýadaky halkara syýahatçylyk sergisinde türkmen kompaniýalary hyzmatlaryny hödürlär
“Ferien-Messe Wien: 2020” halkara syýahatçylyk sergisine 80-den gowrak döwletden 800 wekiliň gelmegine garaşylýar.

Awstriýanyň paýtagty Wenada 16-19-njy ýanwar aralygynda geçiriljek “Ferien-Messe Wien: 2020” halkara syýahatçylyk sergisine türkmen syýahatçylyk kompaniýalarynyň wekilleri hem gatnaşar.

80-den gowrak döwletden 800 kompaniýanyň wekilleri iň gyzykly syýahat ugurlary, hoş wagt geçirmek çäreleri, islege görä guralan dynç alyş hyzmatlary bilen tanyşmaga mümkinçilik döreder. Şeýle-de sergini görmäge gelenler üçin dürli bäsleşikler, bijeli sowgatlar we başga-da birnäçe gyzykly oýunlar guralar.

Goşmaça gyzyklandyryjy maglumat bermek maksady bilen Ferien-Messe Wien sahnasynda tanyşdyryş rolikler, görkezmeler, kinoteatrynda bolsa, höweslendiriji şowlar we filmler görkeziler. Syýahatçylyk pudagynyň işgärleri üçin ýörite meýilnama, çagalar üçin bolsa, birnäçe saýlama çäreler geçiriler.

Türkmenistandan wekilçilik edýän kärhanalaryň biri “Lebap syýahat” hojalyk jemgyýetidir. Bu kärhana diňe bir döwrebap Aşgabat şäheri we Beýik Ýüpek ýolunyň medeni mirasynyň ugurlary boýunça syýahatlary gurnaman, jahankeşdeleri Köýtendagda ýerleşýän dinozawr platosyna gezip görmek hyzmatyny hödürlär.

Şeýle-de Türkmenistandan “Mary Syýahat”, “Balkan Syýahat”, “Aziýanyň Merjeni” hojalyk jemgyýetleri bu sergide öz syýahatçylyk önümleri we hyzamatlary bilen sergä gelenleri tanyşdyrar.

2022