Aşgabatda täze ýerasty ulag we pyýada geçelgesi gurlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda täze ýerasty ulag we pyýada geçelgesi gurlar
Aşgabat şäherinde täze ýerasty ulag we pyýada geçelgesini gurmak tabşyryldy.

Aşgabat şäheriniň ulag we pyýada gatnawlarynyň iň ýygy köçeleriniň biri bolan S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygynda ýerasty ulag we pyýada geçelgesi gurlar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni geçiren ýylyň ilkinji sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda Aşgabat şäheriniň häkimi Şamuhammet Durdylyýewe geçelgäni gurmak üçin bäsleşik yglan etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutany ýerasty geçelgäniň ýokarsyndaky aýlawly çatrykda guruljak bezeg sütünine uly üns berilmelidigini, şeýle hem geçelgäniň bellenilen wagtynda hem-de dünýädäki iň kämil gazanylanlar esasynda gurulmalydygyny belledi.

Wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda türkmen Lideri dürli etraplaryň häkimlerini wezipeden boşatmak we wezipä bellemek boýunça birnäçe Permana hem gol çekdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022