“Şawat”-yň geçen ýyldaky önümçiligi 6 million manada golaýlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Şawat”-yň geçen ýyldaky önümçiligi 6 million manada golaýlady
“Şawat” haryt nyşanly önümleriň 20 dürlüsini öndürýän kärhana munuň üçin her gün 15 tonna süýdi gaýtadan işleýär.

Daşoguz şäherinde süýt önümleriniň önümçiligini alyp barýan “Şawat” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2019-njy ýylda 6 million manatlyga golaý önüm öndürdi. Şeýlelikde 2018-nji ýyla garanyňda ösüş depgini 131%-den geçdi.

“Şawat” haryt nyşanly önümleriň 20 dürlüsini öndürýän kärhana munuň üçin her gün 15 tonna süýdi gaýtadan işleýär. Zerur bolan süýt bolsa, daýhan hojalyklarynda we hususy eýeçilikde mal idedýän işewürler bilen baglaşylan şertnama esasynda satyn alynýar.

"Şawat" AGPJ geçirilýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisine işjeň gatnaşyp, olarda gaýmak, gatyk, peýnir, dorag, mesge önümlerini myhmanlara tanadýar.

1978-nji ýylda Daşoguz şäherinde işe başlan bu kärhananyň döwrebap binasy hem guruldy. 2014-nji ýylda geçirilen maýa goýum bäsleşiginde jemgyýetiň 100% paýnamasyny “Ýüpek Ýoly Gurluşyk” hojalyk jemgyýeti satyn aldy.

2022