ÝTÖB Merkezi Aziýa sebitine täze ýolbaşçy belledi

BIZNES TÜRKMENISTAN
ÝTÖB Merkezi Aziýa sebitine täze ýolbaşçy belledi
Andre Kuuswek 1-nji fewraldan ÝTÖB-niň bankyň Gazagystandaky, Gyrgyzystandaky, Mongoliýadaky, Täjigistandaky, Türkmenistandaky we Özbegistandaky işlerine gözegçilik etmäge girişer.

Andre Kuuswek Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça Dolandyryjy direktory wezipesine bellendi.

ÝTÖB-niň 17-nji ýanwardaky metbugat beýanatyna görä, Kuuswek Bankyň geografiki taýdan tapawutlanýan sebitleriň birine jogap berer. Häzirki wagtda ÝTÖB-niň bu sebitdäki maliýe goýumynyň möçberi 15.6 milliard amerikan dollaryna (14 mlrd. ýewro) barabardyr.

Kuuswek şu ýylyň 1-nji fewralyndan ÝTÖB-niň Gazagystanyň Nur-Soltan şäherinde ýerleşýän binasynda bankyň Gazagystandaky, Gyrgyzystandaky, Mongoliýadaky, Täjigistandaky, Türkmenistandaky we Özbegistandaky işlerine gözegçilik etmek maksady bilen öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirmäge girişer.

“Bu uly we çalt depginde ösüp barýan sebitde ÝTÖB-niň işlerini ýerine ýetirmegiň ynanylmagy meniň üçin uly hormatdyr. Gazagystanda işlänligim sebäpli bu maňa öýüme gaýdyp barýan ýalydyr. Men hususy pudaklara goldaw bermek, sebitiň dünýä ykdysadyýetine uýgunlaşmak we biznes şertlerini kämilleşdirmek işlerini dowam ederin” diýip, Kuuswek aýtdy.

Bu wezipä bellenmezinden öň Kuuswek ÝTÖB-niň baş binasynda milli walýutada maliýeleşdirmegi we ýerli bazarlaryň serişdelerini ösdürmek boýunça direktory wezipesini eýeleýärdi, şeýle hem Ukrainada we Gazagystanda bankyň işlerini alyp bardy.

Kuuswek Estoniýada doguldy; Stokgolm ykdysadyýet mekdebinden uçurym boldy.

Türkmenistanda hereket edip başlanyndan bäri 200-den gowrak kärhana işewürlik maslahatlaryny beren ÝTÖB umumylykda 75 taslama 295 million ýewro maliýe serişdesini goýberdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022