Welaýat merkezlerinde täze ýolagçy awtomenziller bina ediler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Welaýat merkezlerinde täze ýolagçy awtomenziller bina ediler
"Muhammet – Balkan" Aşgabat şäherindäki halkara awtomenzilini bina etdi.

Türkmenistanyň welaýat merkezlerinde täze we döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün ediljek ýolagçy awtomenziller peýda bolar.

Awtomenzilleri gurmak üçin Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan geçirilen halkara bäsleşigiň netijesinde “Muhammet – Balkan” hojalyk jemgyýetiniň taslamasy ýeňiji boldy.

Ýolagçy gatnadyljak täze menziller ýurduň Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda gurulmagy göz öňünde tutulýar.

Geçirilen hasaplamalara laýyklykda, bu desgalaryň gurluşygyny Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň hem-de “Muhammet – Balkan” hojalyk jemgyýetiniň arasynda paýly gatnaşykda amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

“Muhammet – Balkan” hojalyk jemgyýeti 2014-nji ýylda açylan Aşgabat şäheriniň demirgazygynda ýerleşýän halkara ýolagçy awtomenzilini gurmak bilen tejribe gazandy.

2022