"Ural Airlines" Türkmenabadyň halkara howa menziliniň hyzmatlaryndan peýdalanýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
"Ural Airlines" Türkmenabadyň halkara howa menziliniň hyzmatlaryndan peýdalanýar
Baglaşylan şertnamanyň çäginde "Ural Airlines" kompaniýasynyň uçarlaryna ýerüsti hyzmatlar berilýär we awiaýangyç guýulýar.

Russiýanyň "Ural Airlines" awiakompaniýasy geçen ýylyň ahyryndan başlap, Türkmenabat halkara howa menziliniň hyzmatyndan peýdalanmaga başlady.

Baglaşylan şertnamanyň çäginde "Ural Airlines" kompaniýasynyň uçarlaryna ýerüsti hyzmatlar berilýär we awiaýangyç guýulýar. "Ural Airlines" awiakompaniýasy hepdede azyndan ýedi gatnawa hyzmat almagy meýilleşdirýär. Bu görkezijiniň ýokarlanmagy hem mümkindir.

Türkmenabat halkara howa menzili mundan başga-da, Russiýanyň “Nordwind" awiakompaniýasyna her aýyň dowamynda 18-20 gatnaw boýunça ýerüsti we ýangyç guýmak hyzmatyny berýär.

Şeýle-de ýurduň Gündogar sebitinde ýerleşýän howa menziliniň meýdançasynda "Antonov Airlines", "Volga-Dnepr", "Ruby Star", "Swiss Air Ambulance" we "Aviatraffic Company" ýaly awiakompaniýalaryň howa gämileri düşläp geçýär. Howa menzili "Aurora Aviation", "Mixjet" ,"Apogee", "Jetex" kompaniýalary bilen bolsa, hyzmatdaşlyk saklaýar. 

2020-nji ýylda howa menzili Belarussiýanyň "Trans Avia Export" awiakompaniýasy, Gazagystanyň "Azee Air" awiakompaniýasy bilen hem-de, Birleşen Arap Emirlikleriniň "Global Service Solution" kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyga başlamak göz öňünde tutulýar.

2018-nji ýylyň fewral aýynda ulanylmaga berlen Türkmenabadyň halkara howa menzili 600 gektar meýdanda ýerleşip, onuň uçuş-gonuş zolagynyň uzynlygy 3,800 metre we ini 60 metre barabardyr.

2022