TOP boýunça türkmen elektroenergiýasyny owgan serhedine eltjek geçirijiniň düýbi tutuldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TOP boýunça türkmen elektroenergiýasyny owgan serhedine eltjek geçirijiniň düýbi tutuldy
Güýjenmesi 220 kW bolan elektrik geçiriji ulgamy “Mary GES–Hyrat şäheri” ugry boýunça Mary GES-den türkmen-owgan serhedine çenli çekiler.

Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda şenbe güni täze döwletara elektrik geçirijisi bolan Türkmenistan–Owganystan–Pakistan (TOP) ýokary woltly elektrik geçirijisiniň Türkmenistanyň çäklerinden geçýän böleginiň düýbi tutuldy.

Ýurduň çäklerinde güýjenmesi 220 kW bolan elektrik geçiriji ulgamy “Mary GES–Hyrat şäheri” ugry boýunça Mary GES-den türkmen-owgan serhedine, Owganystana çenli çekiler. Ony 2021-nji ýylyň awgust aýynda ulanmaga bermek maksat edinilýär.

Düýbüni tutmak dabarasyna elektroenergetika pudagynyň, welaýat we etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, sebitiň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlar gatnaşdylar. Çykyş edenler halkara elektrik geçirijisiniň elektroenergiýany Pakistana hem-de Owganystanyň üsti bilen Günorta Aziýanyň beýleki ýurtlaryna eksport etmäge mümkinçilik berjekdigini nygtadylar.

Şu ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, Energetika ministrligi tarapyndan Türkiýäniň “Çalyk Holding A.Ş.” kompaniýasynyň golçur kärhanasy bolan “TAPP-500 Power Transmission Line FZE” kompaniýasy bilen TOP elektrik geçiriji ulgamynyň taslamasyny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyk baglaşylypdy.

Şeýle-de ýanwar aýynda Energetika ministrliginiň düzüminde TOP ugry boýunça halkara elektroenergetika taslamalary müdirligi döredildi. Ol esasan TOP halkara elektrik geçirijisi taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleler bilen meşgullanar.

2022