Ýokanç kesellerden goranmagyň ähmiýeti we usullary

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýokanç kesellerden goranmagyň ähmiýeti we usullary
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi

Halkara bilermenler we lukmanlar koronawirusdan, şol sanda beýleki ýokanç kesellerden goranmagyň ilkinji nobatda şahsy arassaçylykdan başlanýandygyny aýdýarlar.

Bütin ýer ýüzüniň döwletleri wirusyň ýaýramagynyň öňüni alyş çärelerini gurnaýarlar. Ýurtlaryň saglyk guramalarynyň bilermenleri bolsa, ýokanç kesellerden goranmagyň ýollaryny adamlara dürli habar beriş serişdeleri arkaly ýetirip durýarlar.

Gyş döwründe ýiti respirator ýokanç keselleri has giňden ýaýraýar. Bu bolsa bedeniň has sowuklamagy sebäpli kesel döredijilere garşy göreşmek ukybynyň peselmegi, witaminleriň ýetmezçiligi, ýapyk hem-de ýaramaz şemalladylýan otaglarda uzak wagtlap bolmak ýaly birnäçe sebäpler bilen baglanyşyklydyr. Şunda kesel döredijileriň jemlenmesi örän çalt ýokarlanýar.

Özüňi hem-de ýakynlaryňyzy ýiti respirator kesellerinden nähili goramalydygy barada Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezinde TDH-niň habarçysyna gürrüň berdiler.

Kesellerden, şol sanda möwsümleýin kesellerden goranmak maksady bilen her bir adam şahsy arassaçylyk tertip-düzgünini berjaý etmelidir we bu babatda çagalara şahsy görelde bolmalydyr. Möwsümleýin keselleriň howadamja ýollary bilen ýokuşýandygyny nazara alyp, günde ir bilen burnuň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmagy endik edinmeli.

Eger kesel dörediji wirus burnuň nemli bardasyna düşse, ol öýjük gurluşyny üýtgedip, bütin bedende ýiti respirator keseliniň alamatlarynyň (bedeniň gyzgynynyň galmagy, asgyrma, üsgürme, ysgynsyzlyk) döremegine getirýär.

Adamda ozal bir dowamly keseli bar bolsa, gaýra üzülme hökmünde bu keseliň ýitileşmegine sebäp bolýar. Kesel dörediji wiruslaryň dürli görnüşleri bolýar we olar üýtgäp bilýär, şol sebäpli bu keselleriň öňüni almak örän möhümdir.

Syrkaw adamyň köpçülik ýerlerine barmakdan, başga adamlara ýokuşdyrmakdan saklanmagy zerurdyr. Onuň üçin keseliň ilkinji alamatlary ýüze çykan mahaly lukmana ýüz tutmaly, degişli barlagdan geçmeli we diňe lukmanyň bellän derman serişdelerini ulanmaly. Asgyrylanda, üsgürilende agzy we burny elýaglyk bilen örtmeli.

Öý şertlerinde lukmanyň bejergisini talabalaýyk kabul etmeli, eger ýagdaý erbetleşse (esasan, çagalarda), hökman “Gaýragoýulmasyz Tiz kömek” gullugyna habar etmeli. Özbaşdak dürli derman serişdeleri, şol sanda antibakterial derman serişdeleri, lukmandan maslahat alman, kabul etmeli däl. Bular ýaly hereket bedeniň kesele garşy durnuklylygyny peseldip, immun ulgamyna uly zyýanly täsirini ýetirip, witamin ýetmezçiliginiň esasy sebäbi bolup bilýär.

Kesel dörediji wiruslaryň bölüp çykarýan zyýanly zäherleriniň bedenden çalt bölünip çykarylmagy üçin hökman derlediji ýokumly suwuklyklary kabul etmeli. Olaryň düzüminde witaminler, hususan-da, witamin C-askorbin turşusy bolmaly. Olaryň hataryna narpyzly çaý, ary bally we limonly çaý, tudananyň mürepbesi goşulan çaý, towuk çorbasy, sarymsak goşulan unaş tagamy girýär. Bu suwuklyklary pasyl çalyşýan döwürde hem kabul etmegi endik edinseňiz, öz bedeniňiziň kesele garşy göreş ukybyny ýokarlandyrarsyňyz.

Iş otaglarynyň, ýaşaýan otaglaryň howasynyň tämiz bolmagyny gazanmak maksady bilen, penjireleri açylyp, arassa howanyň barmagy üpjün edilmeli.

Pasyllaryň çalyşýan döwründe adam bedeninde birnäçe üýtgeşmeler bolýar, uýgunlaşma ýagdaýyny peýdalanmak üçin bu işlerde bedeniň kesel döredijilere garşy göreşmek ukybyna ýardam bermeli. Aşa ýadamak, aşa gyzgyn, howasy çalyşmaýan otagda uzak wagtlap bolmak, aşa sowuk otagda bolup, sowuk iýmit kabul etmegiň hem bedene zyýanly täsiri netijesinde, beden dürli ujypsyzja kesel döredijilere garşy göreşmek ukybyny ýitirip, olara duýgur bolýar.

Şol sebäpli ýylyň ähli pasyllaryna paýhasly çemeleşip, möwsüme görä geýinmek, keselleriň öňüni almagyň hemme çärelerini toplumlaýyn kabul etmek zerurdyr. Munuň özi wagtlaýyn we durnukly işe ukypsyzlygy peseltmäge we lukmançylyk hem-de ykdysady netijeliligi gazanmaga mümkinçilik berer.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022