Türkmenabatdaky himiýa zawody köwüş kreminiň önümçiligini ýola goýdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenabatdaky himiýa zawody köwüş kreminiň önümçiligini ýola goýdy
Türkmenabatdaky himiýa zawody ýanwar aýynda akkumulýator öndürijileriň buýurmasy esasynda elektrolitiň 11 tonnasyny öndürdi.

Altmyş ýyllyk taryhy bolan Türkmenabatdaky himiýa zawody köwüş kreminiň önümçiligine başlady. Himiýa zawody häzirki wagtda synag edilýän kremleri ilkibada sargytlar esasynda öndürmegi meýilleşdirýär.

Zawod ýanwar aýynda akkumulýator öndürijileriň buýurmasy esasynda elektrolitiň 11 tonnasyny öndürdi. Şeýle-de geçen aý kärhanada gaz görnüşli kislorodyň 21 müň kub metri işläp çykaryldy.

1960-njy ýylda oba-hojalyk dökünlerini öndürmek maksatly gurlan Türkmenabatdaky himiýa zawodynda superfosfatyň müňlerçe tonnasy öndürilip başlanýar. Enjamlaryň üsti ýetirilen iri kärhanada ftorly alýumin, kislorod, polietilen plýonkalar we polietilen haltalar, kükürt kislotasy çykarylmaga girişilýär.

1993-nji ýylda kärhana öndürýän önümleriniň ýokary hilliligi üçin Amerikanyň we Ýewropanyň dürli ýurtlarynyň marketing we kommunikasiýa boýunça ekspertlerinden ybarat Marketing milli institutynyň seçip almak baradaky Halkara komitetiniň “Göwher ýyldyzy” baýragyna mynasyp bolýar.

Häzirki wagtda himiýa zawodynda polietilen turbalaryň, fosforly dökünleriň, kükürt kislotasynyň, elektrolitiň, oksigumadyň, kwars çägesinden suwuk aýnanyň önümçiligi alnyp barylýar.

Iň iri himiýa desgalarynyň biri bolan Türkmenabatdaky himiýa zawodynda 1400-e golaý adam zähmet çekýär.

2022