Halkara migrasiýa guramasynyň sebit ýolbaşçysy Aşgabatda birnäçe duşuşyk geçirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Halkara migrasiýa guramasynyň sebit ýolbaşçysy Aşgabatda birnäçe duşuşyk geçirdi
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda hem-de Daşary işler ministrliginde Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Zeýnal Gajiýew bilen duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda hem-de Daşary işler ministrliginde duşenbe güni Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Zeýnal Gajiýew bilen duşuşyk geçirildi.

Döwlet migrasiýa gullugynda geçen duşuşygyň barşynda taraplar migrantlaryň hukuklarynyň üpjün edilmegi, migrasiýa meseleleri bilen baglanşykly durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek we “Howpsuz, düzgünleşdirilýän we yzygiderli migrasiýa hakyndaky Ählumumy ylalaşygynyň” ýerine ýetirilişi barada gürrüň etdiler.

Şeýle hem raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça ýurtda işleriň ulgamlaýyn esasda alnyp barylýandygy we bu ugurda hem 2019-2024-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasynyň kabul edilendigi barada bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar 2020-nji ýyl üçin hyzmatdaşlyk etmek baradaky bilelikde meýilnamanyň ýerine ýetirilişi, şol sanda ýolagçylar barada deslapky maglumatlary alyşmak boýunça sebitleýin taslamasyny durmuşa geçirmek babatda pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçen duşuşykda taraplar ýüze çykyp biljek wajyp migrasiýa meselelerini çözmek ugrunda Türkmenistan bilen Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler. Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini peseltmek ýaly adatdan daşary ýagdaýlar babatda hereket etmek ugrunda bilelikdäki tagallalar barada pikir alşyldy.

Taraplar Türkmenistanyň we Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň wekilleriniň geljekde migrasiýany düzgünleşdirmek çäreleriniň berkidilişi, halkara hyzmatdaşlygynyň ösüşi barada pikirlerini aýtdylar. 

Zeýnal Gajiýew Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy bolmak bilen guramanyň Gazagystandaky, Gyrgyz Respublikasyndaky, Türkmenistandaky we Özbegistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçysydyr.

2022