Daşoguzda peýniriň täze görnüşi öndürilip başlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşoguzda peýniriň täze görnüşi öndürilip başlandy
Daşoguzyň döwrebap maldarçylyk toplumynda “Paýtagt” haryt nyşanly ýaglylygy 45% bolan peýnir öndürilip başlandy.

Daşoguz welaýatynyň S.Nyýazow adyndaky etrabynyň çäginde ýerleşýän döwrebap maldarçylyk toplumynda “Paýtagt” haryt nyşanly ýaglylygy 45% bolan peýnir önümi öndürilip başlandy.

Maldarçylyk toplumynyň süýdi gaýtadan işleýän bölüminde peýnirleriň beýleki görnüşleri hem öndürilýär.

500 sany iri şahly mallary ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen S.Nyýazow adyndaky etrabyň maldarçylyk toplumy kuwwatlylygy ýylda 2 müň tonna süýdi we 120 tonna eti gaýtadan işlemäge ukyplydyr. Bu ýerde süýt we et önümlerini öndürýän Ýewropanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň döwrebap tehnologiýalary we enjamlary oturdyldy.

Toplumyň düzümine eti gaýtadan işleýän we dürli şöhlat önümlerini öndürýän, şeýle hem gaýnadylan süýt, gatyk, aýran, ýogurt, uýadylan gaýmak, mesge ýagy, dorag, brynza we beýleki süýt önümlerini öndürýän süýdi gaýtadan işleýän sehleri girýär.

Kärhananyň ýokary tehnologiýaly ýörite önümçilik enjamlary süýt önümleriniň 17 görnüşini we et önümleriniň ýedi görnüşini öndürmäge mümkinçilik döredýär. 2020-nji ýylyň başyndan bäri kärhanada pul hasabynda 300 müň manatlyk önüm öndürildi.