Türkmenistan bilen HZG zähmet gatnaşyklary boýunça hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen HZG zähmet gatnaşyklary boýunça hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň we HZG-niň arasyndaky köp ýyllaryň dowamynda durmuşa geçirilýän hyzmatdaşlygyň ýokary derejeliligini bellediler.

Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministriniň orunbasary Halkara zähmet guramasynyň (HZG) Günbatar Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti boýunça edarasynyň wekilhanasynyň baş hünärmeni Leo Sibbel bilen duşuşdy.

Penşenbe güni geçirilen duşuşykda taraplar Türkmenistanyň we HZG-niň arasyndaky köp ýyllaryň dowamynda durmuşa geçirilýän hyzmatdaşlygyň ýokary derejeliligini bellediler.

Taraplar häzirki globalizasiýa we ykdysady integrasiýa döwründe sebit, şonuň ýaly-da dünýä derejesinde zähmet gatnaşyklarynyň kadalaşdyrylmagynyň meselesiniň has derwaýys häsiýete eýe bolup durýandygyny aýratyn belläp geçdiler.

2019-njy ýylda HZG-niň döredilmegine 100 ýyl doldy. Şu mynasybetli geçen ýylyň oktýabr aýynda Ženewada geçirilen Administratiw geňeşiniň 337-nji sessiýasynyň işine türkmen wekiliýeti synçy hökmünde gatnaşdy.

Türkmenistan sentýabr aýynda "Halkara zähmet guramasynyň Üçtaraplaýyn geňeşmeler hakyndaky Konwensiýasyna" goşuldy.

2022