“Bold” witamin içgisi “PRODEXPO 2020” sergisiniň diplomlary bilen sylaglandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Bold” witamin içgisi “PRODEXPO 2020” sergisiniň diplomlary bilen sylaglandy
“Bold” witamin içgisi “PRODEXPO 2020” sergisiniň ýörite diplomy we medaly bilen sylaglandy.

Türkmenistanda miwe şirelerini öndürýän hususy kärhanalaryň biri bolan “Ýüpekçi” hojalyk jemgyýeti 10-14-nji fewral aralygynda Russiýanyň Moskwa şäherinde geçirilen “PRODEXPO 2020” XXVII halkara sergisiniň güwänamalary bilen sylaglandy.

“Ýüpekçi” hojalyk jemgyýeti tarapyndan öndürilýän “Bold light edition” haryt nyşanly witamin içgisi “PRODEXPO 2020” sergisiniň çäklerinde “Innowasion önüm” atly bäsleşiginiň ýeňijisi bolup, “Önümiň düzüminde innowasiýa” ýörite diplomy we altyn medaly bilen sylaglandy.

Şeýle hem serginiň çäklerinde geçirilen “Tor saýlawy” atly bäsleşiginde hojalyk jemgyýetiniň “Bold black edition” haryt nyşanly witamin içgisi ýeňiji bolup, ýörite diplom bilen sylaglandy.

“PRODEXPO 2020” XXVII halkara sergisinde türkmen kompaniýalaryndan “Altyn Ýunus” we “Parahat” hususy kärhanalary hem öz harytlaryny görkezdiler.

“Ýüpekçi” hojalyk jemgyýeti häzirki wagtda “Bold” haryt nyşanly witamin içgisi bilen bir hatarda, "Näzli", "Hoşal", "Ýedigen" we "Buzz" haryt nyşanly içgilerini hem alyjylara hödürleýär.