ÝHHG-niň bilermenleri Aşgabatda maliýe ulgamy boýunça okuw maslahatyny geçirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
ÝHHG-niň bilermenleri Aşgabatda maliýe ulgamy boýunça okuw maslahatyny geçirýär
Aşgabatda “Ýewraziýa toparynyň özara baha bermäge milli derejede taýýarlyk: ÝHHG-niň döwletleriniň iň gowy tejribeleri” atly üç günlük okuw maslahaty öz işine başlady.

Aşgabatda çarşenbe güni “Ýewraziýa toparynyň (ÝAT) özara baha bermäge milli derejede taýýarlyk: ÝHHG-niň döwletleriniň iň gowy tejribeleri” atly üç günlük okuw maslahaty öz işine başlady. Okuw maslahatyny Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) halkara bilermenleri geçirýär.

Çärä Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň, şol sanda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň, Merkezi bankynyň we Statistika baradaky döwlet komitetiniň wekilleri gatnaşýarlar. Şeýle-de gatnaşyjylaryň arasynda hususy pudagyň we täjirçilige dahylly däl guramalaryň wekilleri hem bardyr.

Maslahatyň birinji gününde taraplar kanunçylygyň Pul serişdeleriniň bikanun alynmagyna garşy göreşmek boýunça maliýe çäreleriniň işlenilip düzülmegi boýunça Halkara topary (FATF) standartlaryna tehniki taýdan laýyklygy, degişli töwekgelçiliklere düşünmek, edara görnüşli taraplaryň we guramalaryň aýdyňlygy, maliýe ulgamynda gözegçilik ýaly meseleler bilen birlikde FATF usulyýeti boýunça özara baha bermegiň prosesine seredip geçdiler.

Maslahatyň beýleki günlerinde oňa gatnaşyjylar jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyny, maksatlaýyn maliýe sanksiýalaryny, şeýle hem kesgitlenen maliýe dahylly däl kärhanalaryň we hünärleriň ulgamyndaky gözegçilik ýaly ugurlary ara alyp maslahatlaşarlar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022