Ženewada Hazar deňziniň ulag mümkinçilikleri barada maslahat geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ženewada Hazar deňziniň ulag mümkinçilikleri barada maslahat geçirildi
BMG-niň Ženewadaky edarasynda “Hazar deňzi sebitiniň ulag-aragatnaşyk mümkinçilikleri: Azerbaýjan we Türkmenistan – iň gysga ýol” atly tegelek maslahat geçirildi.

BMG-niň Ženewadaky edarasynda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň başlangyjy bilen, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy we Azerbaýjanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy bilen bilelikde guramagynda “Hazar deňzi sebitiniň ulag-aragatnaşyk mümkinçilikleri: Azerbaýjan we Türkmenistan – iň gysga ýol” atly tegelek stol geçirildi.

Çarşenbe güni geçirilen maslahat BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Içerki Ulaglar boýunça Komitetiniň 82-nji sessiýasynyň çäklerinde geçirildi.

Çäräniň geçirilmeginiň esasy maksatlarynyň biri Türkmenistanyň ulag ulgamyndaky mümkinçiliklerini, ýurtlaryň arasyndaky halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda ýurduň infrastruktura syýasatyny, BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak” atly Kararnamasynda agzalyp geçilen esasy ugurlar boýunça pikirleri we ulag ýollarynyň geljekki mümkinçiliklerini açyp görkezmekden ybaratdyr.

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy şu ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň bellenip geçilýändigini aýtdy hem-de ýurduň daşary syýasatynyň esasy bolup durýan sebit we dünýä derejesinde ykrar edilen Bitaraplygyň ähmiýeti barada aýratyn belläp geçdi.

Tegelek stoluň ahyrynda Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasy ýurduň Bitaraplyga eýe bolmagynyň 25 ýylynyň içinde demirýol, awtomobil, howa we deňiz ýollary ulgamlarynda gazanan üstünliklerini açyp görkezýän foto sergi gurnady.

2022