Özbegistanda “QR-online” töleg hyzmaty ulanyşa girizilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Özbegistanda “QR-online” töleg hyzmaty ulanyşa girizilýär
Ýurduň baş banky täze ulanyşa girizilen ulgamyň harytlary eltmek we ýolagçylary gatnatmak bilen meşgullanýan kompaniýalaryň arasynda uly islege eýe bolmagyna garaşýar.

Özbegistanyň Merkezi banky ýurduň täjirçilik banklary bilen bilelikde QR-kodunyň (Çalt anyklanylýan kod) esasynda “QR-online” köptaraplaýyn töleg hyzmatyny ulanyşa girizýär. Bu barada Özbegistanyň Merkezi bankyň duşenbe güni ýaýradan metbugat beýanatynda habar berilýär.

Resminama görä, bu ulgamyň çäginde söwda-hyzmat kärhanalary olara hyzmat edýän täjirçilik banklaryň üsti bilen QR-kodlaryny düzýärler we bellige alýarlar. Alyjylar haryt we hyzmat üçin tölegi QR-kody skan etmek we harydyň nyrhyny girizmek bilen ýörite applikasiýanyň üsti bilen ýerine ýetirip bilýärler. Pul serişdeleri applikasiýa birikdirilen bank hasabyndan ýa-da elektron gapjykdan alynýar.

Merkezi bankyň aýtmagyna görä, söwda-hyzmat kärhanalary “QR-online” ulgamy boýunça gelýän pul serişdelerini “Telegram” applikasiýasynda bankyň şahsy otagy arkaly “@onlineqrbot” kanaly bilen ýa-da sms maglumat arkaly yzarlap bilýär.

Ýurduň baş banky täze ulanyşa girizilen ulgamyň harytlary eltmek we ýolagçylary gatnatmak bilen meşgullanýan kompaniýalaryň arasynda uly islege eýe bolmagyna garaşýar. Sebäbi QR-kod töleg terminallaryny ulanmazdan tölegi kabul etmäge mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda Daşkent şäherinde “QR-online” töleg hyzmatyny girizmek maksady bilen täjirçilik banklary tarapyndan 3 müňden gowrak QR-stikerleri söwda-hyzmat kärhanalaryna berildi.

2022