Türkmenistanyň Prezidenti ýerli önümleri eksport etmegiň gerimini giňeltmegi tabşyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti ýerli önümleri eksport etmegiň gerimini giňeltmegi tabşyrdy
Türkmenistanyň Prezidenti ýerli önümler üçin daşary ýurt bazarlarynyň gerimini giňeltmek ugrunda alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysadyýet toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Gadyrgeldi Müşşikowa ýerli önümler üçin daşary ýurt bazarlarynyň gerimini giňeltmek ugrunda alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmek barada tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň milli ykdysadyýeti ösdürmek boýunça penşenbe güni wise-premýeriň G.Müşşikowyň, şeýle-de Merkezi bankyň başlygy Merdan Annadurdyýewiň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynda ykdysadyýetiň dürli ugurlary boýunça edilýän işler hakynda maslahatlaşyldy.

Türkmen Lideri ýurduň ykdysadyýeti ulgamynda bilelikdäki çäreleri işläp taýýarlamak üçin halkara hyzmatdaşlary bilen alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmegi ýolbaşçylara tabşyrdy.

“Häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän çökgünlige garamazdan, içerki bazaryň zerur harytlar bilen doly üpjün edilmegi ileri tutulýan ugur bolmalydyr” diýip, döwlet Baştutany belledi.

Maslahatda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda durmuşa geçirilýän ähmiýetli taslamalaryň maliýeleşdirilmegine, daşary ýurt maýadarlary bilen ýola goýulýan gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolmagyna gönükdirilen çäreleriň işjeňleşdirilmelidigini belläp, bu babatda Merkezi bankyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle-de türkmen Lideri wise-premýere we Merkezi bankyň başlygyna häzirki döwürde dünýäde bar bolan töwekgelçilikleriň täsirini azaltmak boýunça toplumlaýyn çäreleriň göz öňünde tutulmalydygyny belledi.