Amyderýanyň kenarlarynda buýan köküni ýygmak möwsümi başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Amyderýanyň kenarlarynda buýan köküni ýygmak möwsümi başlady
Häzirki wagtda buýan köki Hytaýa, Russiýa, ABŞ, Fransiýa, Beýik Britaniýa, Hindistana, Serbiýa, Birleşen Arap Emirliklerine, Koreýa Respublikasyna we beýleki ýurtlara eksport edilýär.

Türkmenabatdaky “Buýan” obasenagat toplumy Amyderýanyň sag we çep kenarlaryndaky buýan meýdançalarynda buýan köküni ýygmak işlerine badalga berdi.

Obasenagat toplumy şu ýyl buýan köküniň ýygym mukdaryny, şeýle hem onuň arassalanyp preslenen görnüşiniň we ýarym fabrikatlarynyň eksportynyň mukdaryny artdyrmagy meýilleşdirýär. Buýan köküniň biologiki işjeň maddalara baý bolmagy we onuň ženşen köküniň düzümi bilen meňzeşligi dünýä bazarynda buýana bolan islegi artdyrýar.

Buýan köki, şeýle-de onuň goýy we guradylan ekstraktlary daşary ýurtlarda uly islege eýedir. Häzirki wagtda buýan köki Hytaýa, Russiýa, ABŞ, Fransiýa, Beýik Britaniýa, Hindistana, Serbiýa, Birleşen Arap Emirliklerine, Koreýa Respublikasyna we beýleki ýurtlara eksport edilýär.

2008-nji ýylda Türkmenabat şäherinde buýan köküni gaýtadan işläp, gury ekstrakta geçirýän döwrebap kärhana gurlup, ulanylmaga berildi. Häzirki wagtda toplumda 300-e golaý hünärmen zähmet çekip, her bir işgär aýda ortaça 20-30 tonna golaý buýan köküni ýygnaýar. Iş möwsümi her ýylyň mart aýyndan başlap, noýabr aýynyň ahyryna çenli dowam edýär.

Türkmenabatdaky “Buýan” obasenagat toplumy 2019-njy ýylda 54 müň tonnadan gowrak buýan köküni ýygdy.

2022