Magdanlynyň himiýa kärhanasy hlor hekiniň öndürilişini artdyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Magdanlynyň himiýa kärhanasy hlor hekiniň öndürilişini artdyrdy
Sanitar-epidemiologiýa gullugynyň talaplaryna doly laýyk gelýän hlor heki häzirki wagtda jemgyýetçilik ýerlerinde dizenfeksiýa işinde ulanylýar.

Türkmenabadyň himiýa zawodynyň Magdanly bölüminde ýokanç keselleriň öňüni almakda, jemgyýetçilik ýerlerinde zyýansyzlandyryş işlerini geçirmekde giňden ulanylýan hlor hekiniň öndürilişi artdyrylýar.

Ozal bu kärhanada bir gije-gündiziň dowamynda 1.5 tonna hlor heki öndürilýän bolsa, häzirki wagtda bu görkeziji 2 tonnadan hem geçdi. Hlor hekiniň önümçiliginde zerur bolan çig malyň 80 göterimi Köýtendagyndan alynýar.

Hlor hekini öndürmek işi bilen 30-dan gowrak adam meşgullanýar. Taýýar önüm ýörite ulaglar arkaly Türkmenistanyň ähli sebitlerine gündelik paýlanylýar.

Döwrebap tehnologiýalar bilen işlenen we sanitar-epidemiologiýa gullugynyň talaplaryna doly laýyk gelýän hlor heki häzirki wagtda jemgyýetçilik ýerlerinde dizenfeksiýa işinde ulanylýar.