Türkmenistanyň Prezidenti Bakuda azerbaýjanly kärdeşi bilen ikiçäk görüşdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Bakuda azerbaýjanly kärdeşi bilen ikiçäk görüşdi
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ýurt Baştutanlarynyň ikiçäk duşuşygy geçirildi. (Surat: AZERTAC)

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çarşenbe güni Azerbaýjana resmi sapary başlandy. Baku şäheriniň howa menzilinde döwlet Baştutanyny ýurduň resmi adamlary garşy aldylar.

Howa menzilinden Azerbaýjanyň Prezidentiniň rezidensiýasyna ugran türkmen Liderini Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew garşy aldy. Bu ýerde resmi garşy alnyş dabarasy geçirildi.

Soňra iki ýurduň Baştutanlarynyň arasynda ýokary derejeli ikiçäk duşuşygy başlandy. Kärdeşler gepleşigiň barşynda Hazar deňziniň mümkinçilikleri, ýurtlaryň ykdysady, ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygy barada pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzümi daşary işler ministrliginiň, söwda, kommunikasiýa, ulag, oba hojalyk, migrasiýa, bilim, medeniýet boýunça pudaklaryň wekillerinden ybaratdyr.

Saparyň dowamynda ikitaraplaýyn birnäçe resminamalaryň gol çekilmegine garaşylýar.

2022