Türkmen Lideri Garlyk dag-magdan toplumynyň işine nägilelik bildirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen Lideri Garlyk dag-magdan toplumynyň işine nägilelik bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy toplumynyň düşewüntli işlemeýändigine, çykarylýan önümiň mukdarynyň azdygyna we beýleki kemçiliklere düýpli nägilelik bildirdi.

Penşenbe güni Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyran Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sebitde ýerleşýän Garlyk dag-magdan toplumyndaky işler barada bellik etdi.

Türkmen Lideri Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyndaky işleriň ýagdaýy hem-de häzirki wagtda onuň önümçilik görkezijileri baradaky meselä ünsi çekip, bu senagat kärhanasynyň ýagdaýyna, onuň düşewüntli işlemeýändigine, çykarylýan önümiň mukdarynyň azdygyna we beýleki kemçiliklere düýpli nägilelik bildirdi.

Döwlet Baştutany bularyň potratçy tarapyndan bu taslamany durmuşa geçirmäge jogapkärçiliksiz çemeleşilendiginiň netijesidigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti: “Kaliý çykarýan we baýlaşdyrýan kombinat “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň buýurmasy boýunça “Belgorhimprom” açyk paýdarlar jemgyýeti tarapyndan guruldy. Bu taslama Türkmenistanyň senagat taýdan ösüşinde täze sahypany açmaga, Diýarymyzyň ägirt uly çig mal serişdelerini özleşdirmäge we gaýtadan işlemäge ýardam etmelidi” diýip belledi.

“Ýöne potratçy tarapyndan taslamany durmuşa geçirmek işleri uzaga çekdirildi, toplumyň önümçilik desgalaryny gurmak işleriniň hem-de ulanmaga bermegiň möhletleri birnäçe gezek gaýra goýuldy, şertnamalaýyn borçnamalarda göz öňünde tutulan gurluşyk we beýleki işler pes hilli ýerine ýetirildi” diýip, türkmen Lideri belläp geçdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň işine nägilelik bildirip, bu konserniň başlygy Nyýazly Nyýazlyýewe soňky gezek duýdurmak bilen berk käýinç yglan etdi.

Ýurt Baştutany bu toplumda emele gelen ýagdaýy düzetmek boýunça wezipeleri kesgitläp, işleri guramak, ilkinji nobatda bolsa, toplumy sowatly dolandyrmak boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022