Türkmen nebitçileri ilkinji gezek 9000 metrlik burawlaýyş işine girişýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen nebitçileri ilkinji gezek 9000 metrlik burawlaýyş işine girişýär
Nebitgaz pudagynyň hünärmenleri ilkinji gezek Hazaryň kenarynda, Uzynada ýatagynda 9000 metr çuňlukdaky guýyny burawlamagy göz öňünde tutýarlar.

“Türkmennebit” döwlet konserni 9000 metre çenli çuňlukda buraw işlerini geçirmek üçin enjamlary satyn almak boýunça halkara bäsleşigini yglan etdi.

Pudagyň hünärmenleri ilkinji gezek Hazaryň kenarynda, nebitgazly Barsagelmez ýatagyndan takmynan 35 kilometr günortada ýerleşýän Uzynada ýatagynda has çuň guýyny burawlamagy göz öňünde tutýarlar. Çaklamalara görä, gyzyl reňkli çökündili dag magdanly gatlaklarda nebitiň iri ýatagy jemlenen.

“Bu ýatakda 1972-nji ýylda 4213 metr çuňlukda ilkinji geologiýa-gözleg guýusy burawlanypdy, ýöne önümli gatlak ýüze çykarylmandy” diýip, “Türkmennebit” DK-niň innowasion tehnologiýalar bölüminiň ýolbaşçysy Remezan Urumow gürrüň berýär. “Türkmen nebitçileri geçen ýyl 1-nji barlag guýusyny täzeden burawlamaga girişdiler. 2020-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda 6746-6752 metr çuňlukda bir gije-gündiziň dowamynda 106 müň kub metr gaz we 143 tonna kondensat alyndy”.

Şol wagta çenli Uzynada ýatagynyň çäklerinde ZJ-70 DB burawlaýjy enjamlar bilen sebitde iň çuň (7000-7150 metr) 7 we 17-nji gözleg guýulary burawlandy. Bulary özleşdirmek boýunça işler geçirilende 6.7 müň metre golaý çuňlukdaky gyzyl reňkli gatlagyň aşaky böleginden gazyň we kondensatyň senagat akymy alyndy.

Häzirki wagtda “Türkmennebit” döwlet konserniniň we “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň hünärmenleri Uzynada ýatagynda nebitgazly ýerleri has çuňňur öwrenmek üçin gözleg guýularynyň birnäçesini burawlaýarlar. Hünärmenleriň pikirine görä, munuň özi uglewodorod çig malynyň ýerasty käniniň gurluşyny we möçberini has takyk kesgitlemäge mümkinçilik berer.

2022