Yslamabatda geçirilen duşuşykda TOPH taslamasynyň bähbitleri barada bellenip geçildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Yslamabatda geçirilen duşuşykda TOPH taslamasynyň bähbitleri barada bellenip geçildi
Duşuşyga dürli ministrliklerden, seljeriş merkezlerinden, ykdysadyýet, söwda, energiýa boýunça hünärmenlerinden we CGSS geňeşiniň ýokary derejeli agzalaryndan ybarat 35 wekil gatnaşdy.

Yslamabat Global we Strategiki Gözlegler Merkezi (CGSS) çarşenbe güni Pakistanyň paýtagtynda “TOPH – parahatçylygyň we abadançylygyň taslamasy” atly interaktiw duşuşyk gurnady diýip, Pakistanyň seljreiş merkeziniň metbugat beýanatynda aýdylýar.

“TAPI Pipeline Company Limited” (TPCL) kompaniýasynyň baş direktory we müdiriýetiniň başlygy Muhammetmyrat Amanow dürli ministrliklerden, seljeriş merkezlerinden, ykdysadyýet, söwda, energiýa boýunça hünärmenlerinden we CGSS geňeşiniň ýokary derejeli agzalaryndan ybarat 35 wekiliň gatnaşan duşuşygynyň esasy myhmany boldy.

CGSS-iň prezidenti, ätiýaçdaky general-maýor Saýed Halid Amir Jaferi Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gazgeçiriji taslamasy baradaky duşuşygy açyp, TOPH-yň sebit ýurtlaryna oňyn täsir etjekdigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Türkmenistanyň gaz gorlary boýunça dünýäde dördünji orunda durýandygyny belläp, TOPH taslamasynyň ähli gatnaşyjy ýurtlar üçin bähbitli boljakdygyny nygtady.

Ilçi TOPH taslamasy bilen baglanyşykly şertnamalara eýýäm gol çekilendigini we häzirki wagtda durmuşa geçiriliş tapgyrynyň dowam edýändigini aýtdy.

Muhammetmyrat Amanow TOPH-yň ekologiýa taýdan arassa energiýa çeşmesi bilen üpjün etjek parahatçylyk we durnuklylyk taslamasydygyny aýtdy. Şeýle hem Amanow taslamanyň sebit üçin strategik taýdan möhümdigini, sebäbi onuň köp sanly jemgyýetçilik, ykdysady, syýasy we daşky gurşaw taýdan peýdalydygyny belledi.

TPCL-iň baş direktory, bu taslamanyň Owganystan, Pakistan we Hindistan üçin gazgeçirijiniň ýeke-täk tebigy gaz çeşmesi boljakdygyny, bu ýurtlaryň kömürden, nebitden we gymmat bahaly suwuklandyrylan gazdan peýdalanýandygyny belläp geçdi.

Umumy uzynlygy 1,840 kilometre barabar boljak TOPH gazgeçirijisi doly ulanmaga berlenden soň, ol ýylda 33 milliard kubmetr türkmen tebigy gazyny Günorta Aziýa tarap akdyrmaga mümkinçilik berer.