BELTA Türkmenistanyň habarlar agentligi bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça ylalaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
BELTA Türkmenistanyň habarlar agentligi bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça ylalaşdy
BELTA her gün Belarusyň syýasy, durmuş, ykdysady, medeni we sport durmuşyndaky wakalary beýan edýän habarlaryň 150-den 170-e golaýyny ýaýradýar.

Belarus telegraf agentligi (BELTA) sişenbe güni Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) bilen hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekendigini mälim etdi.

Mundan başga-da, BELTA gruzin habarlar agentligi (GHN) bilen hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga hem gol çekdi. 

BELTA-nyň habar bermegine görä, habarlary, surat we wideo maglumatlaryny alyş-çalyş etmek, resmi wekiliýetleriň saparlaryny we ýurtlarda bolup geçýän möhüm syýasy-jemgyýetçilik wakalar beýan edilende özara maglumat goldawy göz öňünde tutulýar.

BELTA her gün Belarusyň syýasy, durmuş, ykdysady, medeni we sport durmuşyndaky has wajyp wakalary beýan edýän habarlaryň 150-den 170-e golaýyny, ýurduň hökümetiniň alyp barýan işlerini, halkara gatnaşyklar we gepleşikleri baradaky habarlary ýaýradýar. Agentlik habarlaryny rus, belarus, iňlis, nemes, ispan we hytaý dillerinde çykarýar.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi türkmen, rus we iňlis dillerinde ýurduň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni, sport durmuşyndaky wakalar baradaky maglumaty ýaýradýar. Agentligiň hünärmenleri Türkmenistanyň medeniýeti bilen bagly internet-saýtlary işläp düzmek, wagyz etmek, olara tehniki we maglumat goldawyny bermek bilen meşgullanýar.

2022