“Ýakyn Dost” ýerli hasyldan taýýarlaýan önümlerini söwda nokatlaryna ýerleşdirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Ýakyn Dost” ýerli hasyldan taýýarlaýan önümlerini söwda nokatlaryna ýerleşdirdi
“Ýakyn Dost” şu ýylyň miwe we gök önümleriniň hasyl ýygyş möwsümine gabatlap, önümleriň görnüşlerini artdyrmagy göz öňünde tutýar.

“Ýakyn Dost” hojalyk jemgyýeti “Garaja” we “Bagban” haryt nyşanly önümlerini Gazagystan we Özbegistana eksport etmegi maksat edinýär.

Kärhananyň satuw işleri boýunça hünärmeni Meýlis Gelenowyň habar bermegine görä, Türkmenistanda ýetişýän miwedir gök-önümlerden taýýarlanýan şerbetleri, mürepbeleri we ýapmalary söwda nokatlarynda elýeterli edildi.

Şu ýylyň miwe we gök önümleriniň hasyl ýygyş möwsümine gabatlap, önümleriň görnüşlerini artdyrmak göz öňünde tutulýandygyny aýdan Gelenow, häzirki wagtda ýedi görnüşli 20 gramlyk kiçijik gaplarda gaplanan ertirlik jemleri öndürmäge başlandygyny belledi. “Bu bir gezeklik ertirlik üçin niýetlenen jemleri myhmanhanalara we şypahanalara ýerleşdirmek meýilleşdirilýär”.

“Ýakyn Dost” hojalyk jemgyýetiniň önümçilik desgasy 2018-nji ýylda Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde işe girizildi. Kompaniýa gerekli miweleri maý we dekabr aralygynda hasyl ýygnaýan ýerli telekeçilerden we daýhan birleşiklerinden üpjün edýär.