Türkmen we türk DIM-niň ýolbaşçylary telefon arkaly gatnaşyklary maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen we türk DIM-niň ýolbaşçylary telefon arkaly gatnaşyklary maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň we Türkiýäniň Daşary işler ministrleri Aşgabatda 2019-2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyna gol çekdiler, noýabr 2018. (Surat: Türkiýe DIM-i)

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň sişenbe güni Türkiýe Respublikasynyň DIM-niň ýolbaşçysy Mewlüt Çawuşogly bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Taraplar ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meseleleriniň giň gerimini, şol sanda, ykdysady we ynsanperwer häsiýetli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar ynanyşmak we açyk häsiýete eýe bolan türkmen-türk gatnaşyklary barada aýratyn belläp geçdiler.

Dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy berkitmegiň wajyplygyny nygtamak bilen, taraplar işjeň gepleşikleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Telefon arkaly söhbetdeşlik türk tarapynyň başlangyjy esasynda amala aşyryldy.

Türkmenistan bilen Türkiýe diplomatik gatnaşyklaryny 1992-nji ýylda ýola goýdy. Häzirki wagtda Aşgabat we Ankara şäherlerinde ýurtlaryň ilçihanalary hereket edýär. Stambul şäherinde bolsa, Türkmenistanyň Baş konsullygy ýerleşýär.

2022