Türkmenistanda şu ýyl 620 müň gektar meýdana gowaça ekiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda şu ýyl 620 müň gektar meýdana gowaça ekiler
Şu möwsümde dürli görnüşli traktorlaryň 7 müň 600-den gowragy, ekiji gurallaryň 1 müň 700-den gowragy işlediler.

Türkmenistanda çarşenbe güni möhüm oba hojalyk möwsümi bolan gowaça ekişi başlandy. Şu ýyl pagtaçylar 620 müň gektara golaý meýdana gowaça ekerler. Geçen ýyl daýhanlar 550 müň gektar meýdana pagta ekipdiler.

Ýurduň Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary gowaça ekişine girişdiler. Daşoguz welaýatynyň kärendeçileri bolsa, 29-njy martda bu işe başlarlar.

Geçen ýyl 1 million 50 müň tonnadan gowrak pagta ýygan hasyl ussatlary şu ýyl “ak altynyň” 1 million 250 müň tonnasyny ýygnamagy göz öňünde tutýarlar. Şol sanda Ahalda 280 müň, Balkanda 10 müň, Daşoguzda 275 müň, Lebapda 320 müň we Maryda 365 müň tonna hasyl ýygylmagyna garaşylýar.

Gowaça ösdürip ýetişdirmäge oba hojalyk ähmiýetli ýörite ýer gaznasyndan ýer böleklerini alan hususy önüm öndürijiler hem gatnaşýarlar. Hususy pudagyň wekilleri geçen ýyl 25.5 müň gektar meýdanda gowaça hasylyny ýygdylar.

Şu möwsümde dürli görnüşli traktorlaryň 7 müň 600-den gowragy, ekiji gurallaryň 1 müň 700-den gowragy, ekişiň bökdençsizligini üpjün edýän we soňky agrotehniki çäreleri geçirmäge niýetlenen gowaça kultiwatorlarynyň we beýleki oba hojalyk enjamlarynyň 5 müňden gowragy peýdalanylar.

Bu möwsüme etraplaryň we daýhan birleşikleriniň çäklerinde hereket edýän biobarlaghanalaryň 375-si gatnaşdyrylar. Olar oba hojalykçylary gowaça zyýan berijilere garşy ulanylýan ekologiýa taýdan arassa we ykdysady taýdan bähbitli bioönümler bilen üpjün ederler.

Türkmenistanyň obasenagat toplumynyň esasy pudaklarynyň biri bolup durýan pagtaçylyk daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi, eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýär.

2022