Türkmenistanda daşary ýurtly nebitgaz kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk ýaýbaňlanar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda daşary ýurtly nebitgaz kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk ýaýbaňlanar
Türkmenistanda işleýän daşary döwletleriň ygtybarly kompaniýalary bilen işleriň gerimini giňeltmek barada tabşyryklar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmek, şeýle-de daşary ýurtly kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek boýunça bu ugra gözegçilik edýän wise-premýer Myratgeldi Meredowa tabşyryklary berdi.

Ýurt Baştutany uglewodorod çig malynyň uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanda bu baýlygyň netijeli ulanylmagynyň milli ykdysadyýeti sazlaşykly ösdürmäge täze kuwwatly itergi berjekdigini, nebiti we gazy düýpli işläp taýýarlamaga ýöriteleşdirilen täze önümçilikleri döretmek hem-de türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagyň eksport ugurlaryny artdyrmak üçin şertleri üpjün etjekdigini belledi.

“Bularyň hemmesi maýa goýmak hem-de daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçilikleri açýar” diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow belläp geçdi.

Döwlet Baştutany Türkmenistanda işleýän daşary döwletleriň ygtybarly kompaniýalary – “Petronas”, “Dragon oil”, Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy, “Kawasaki”, “Sojitz”, “TOYO”, “Mitsubishi”, “ITOCHU”, “LG”, “Hyundai”, “Eni”, “Mitro International”, “Petrofac”, “Tatneft”, “Rönesans Holding” we beýlekiler bilen işleriň gerimini giňeltmek barada wise-premýere degişli birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Türkmen Lideri çarşenbe güni wise-premýer Meredowyň hem-de “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy Güýçgeldi Baýgeldiýewiň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynda hem dünýäde bar bolan häzirki çylşyrymly ýagdaýlary nazara alyp, önümçiligi ösdürmegiň esasy ugurlary bilen baglanyşykly meseleler barada pikir alyşdy.

2022