Elektron resminamalaryň berlişi we elektron goluň hukuk derejesi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Elektron resminamalaryň berlişi we elektron goluň hukuk derejesi
Elektron sanly goluň açyk açarynyň sertifikatynyň görnüşi elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezi tarapyndan bellenilýär.

Elektron resminamalary bermek gol çekýän şahsyň (gol çekýän şahs tarapyndan elektron resminamalary ibermäge ygtyýarly edilen dellalyň) we adresatyň elektron maglumat ulgamlarynyň arasynda bellenilen ýa-da gös-göni aragatnaşyk arkaly, ýa-da dellallaryň elektron maglumat ulgamlarynyň serişdeleriniň kömegi bilen bu elektron maglumat ulgamlarynyň ara­synda aragatnaşygy ýola goýmak arkaly ýa-da ýatda saklaýjy enjamlarda bermek arkaly amala aşyrylýar.

Elektron goluň niýetlenişi

1. Elektron sanly gol aşakdakylar üçin niýet­lenendir:

  1. elektron resminamanyň umumy bölegini düzýän maglumaty tassyklamak;
  2. elektron resminamanyň hakykylygyny we bitewüligini tassyklamak.
  3. elektron resminamanyň umumy bölegini düzýän maglumaty tassyklamak bu resminama gol çekýän şahsyň elektron sanly golunyň şah­sy açaryndan peýdalanmak bilen elektron san­ly goluň serişdelerini ulanmak arkaly geçirilýär.

2. Elektron resminamanyň hakykylygy we bitewüligi resminamanyň, hakykatdan-da, elektron sanly goluň şahsy açarynyň eýesi tarapyndan döredilendigini we bu resminama üýtgetmeleriň girizilmändigini tassyklaýar.

3. Elektron resminamanyň hakykylygyny we bitewüligini tassyklamak elektron sanly goluň serişdelerini ulanmak we elektron sanly goluň açyk açaryndan peýdalanmak bilen, elektron resminama gol çeken şahsyň goluny barlamak arkaly geçirilýär.

4. Elektron sanly goldan peýdalanylmagy geleşikleri ýazmaça görnüşde amala aşyrmak üçin şertnamalara we beýleki resminamalara gol çekmegiň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertibini üýtgetmeýär.

5. Elektron resminamalarda elektron sanly goluň hakykylygyny tassyklamak boýunça notarial taýdan hereketler Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

Elektron sanly goluň hukuk derejesi

1. Elektron sanly gol fiziki şahsyň, şol sanda ýuridik şahsyň ygtyýarly wekiliniň öz eli bilen çe­kilen goly bilen deňdir, eger:

  1. gol çeken şahs elektron sanly goly döret­mek üçin ulanylýan şahsy açara kanuny taýdan eýelik etse;
  2. elektron sanly gol çekilen pursadynda he­reket etse;
  3. elektron sanly gol sertifikaty bar bolan elektron sanly goluň açyk açarynyň kömegi bi­len hakykylygyna barlagdan geçse;
  4. elektron sanly gol sertifikatda görkezilen maglumatlara laýyklykda peýdalanylsa.

2. Elektron sanly goluň şahsy açaryndan peýdalanmaga ygtyýarly wezipeli adamyň adyny görkezmezden, ýuridik şahsa berlen sertifikat ýuridik şahsyň esaslandyryjy resminamalarynyň güýjünde onuň adyndan çykyş edýän şahsyň adyna berlen diýlip hasap edilýär.

3. Elektron sanly gol çekilen elektron resminamanyň ähli nusgalary asyl nusganyň güýjüne eýedir.

4. Elektron sanly goldan peýdalanmagyň çäklendirmeleri Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilýär.

5. Gol çekýän şahs öz elektron sanly golunyň kömegi bilen gol çekmäge bolan ygtyýarlyklary degişli ýagdaýda ygtyýarly edilen wekile bermäge haklydyr.

6. Elektron sanly goluň açarlaryny döretmek Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

7. Elektron sanly goluň şahsy açary oňa kanuny esasda eýelik edýän şahsyň eýeçiligi bolup durýar.

Şahs özüniň kanuny esaslarda alnan elektron sanly golunyň şahsy açarlarynyň çäklendirilmedik sanyna eýe bolup biler.

Elektron sanly goluň şahsy açarynyň eýesi öz bähbitlerinde ony syr edip saklamalydyr we onuň tötänleýin ýok edilmeginden ýa-da üýtgedilmeginden goragyny üpjün etmelidir.

8. Elektron sanly goluň açyk açary elektron sanly goluň serişdelerini ulanmak arkaly elektron sanly goluň şahsy açarynyň binýadynda döredilýär.

9. Elektron sanly goluň açyk açarynyň elektron sanly goluň şahsy açarynyň eýesine degişliligi elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezi tarapyndan elektron sanly goluň açyk açarynyň sertifikatynda elektron sanly goluny (sertifikatyň kagyz görnüşinde goluny we möhürini) goýmak arkaly tassyklanylýar.

10. Elektron sanly goluň açyk açarynyň sertifikaty gol çekilen elektron resminamalaryň hakykylygyny barlamak üçin elektron sanly goluň şahsy açarynyň eýesi ýa-da onuň ygtyýarly eden şahsy tarapyndan elektron sanly goluň açyk açarynyň peýdalanyjysyna berilýär.

11. Elektron sanly goluň açyk açarynyň peýdalanyjysy özi tarapyndan ulanylýan elektron sanly goluň açyk açarynyň sertifikatynda bellenilen açara barabarlygyny üpjün etmäge borçludyr.

Elektron sanly goluň açyk açarynyň sertifikatynyň görnüşi elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezi tarapyndan bellenilýär.

12. Elektron sanly goluň tassyklanylan açyk açarlary elektron sanly goluň şahsy açarynyň eýesi ýa-da onuň ygtyýarly eden şahsy tarapyn­dan ähli gyzyklanýan şahslaryň ulanmagy üçin şu aşakdakylar arkaly ýaýradylýar:

  1. elektron sanly goluň açyk açarynyň sertifikatyny peýdalanyjynyň özüne gowşurmak;
  2. kagyz göterijidäki resminama görnüşinde poçta arkaly ibermek;
  3. elektron resminama görnüşinde ibermek.

BT Hukuk bölümi

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022