Türkmen kompaniýasy plastik poddonlaryň önümçiligini artdyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen kompaniýasy plastik poddonlaryň önümçiligini artdyrýar
“Senagat plastik” hojalyk jemgyýeti poddonlary öndürmek işlerini ýörite buýurmalar esasynda alyp barýar.

Türkmenistanyň günbatar sebitinde poddon önümçiligini ýola goýan “Senagat plastik” hojalyk jemgyýeti 2018-nji ýylda işläp başlady. Müşderileriň islegleri göz öňünde tutulyp, 2019-njy ýylda bu ýerde ikinji önümçilik ulgamy işe girizildi.

Ilkinji tapgyrda poddonlaryň ýyllyk 240 müňüsini öndürmäge ukyply bolan kärhanada ikinji tapgyryň işe girizilmegi bilen önümçilik kuwwaty iki esse artdy. Önümlerde ýerli çig maldan peýdalanylýar.

“Senagat plastik” hojalyk jemgyýeti poddonlary öndürmek işlerini ýörite buýurmalar esasynda alyp barýar. Häzirki wagtda kärhananyň önümleri Gyýanlydaky polimer zawodyna hem-de Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna yzygiderli ugradylyp durulýar.

Kärhanada polietilenden, polipropilenden hem-de goşulýan tehnologik serişdelerden öndürilýän plastik poddonlary gaýtadan işlemek hem mümkindir.

Kärhananyň hünärmenleriniň aýtmagyna görä, bu ýerde öndürilýän plastik poddonlar agram derejeleri babatda ýeňildigine garamazdan, onuň göterijiligi ýokarydyr we ýükleri daşamaga niýetlenilen şunuň ýaly agaç poddonlardan birnäçe artykmaçlyklary bardyr.

Plastik poddonlaryň dört tarapyndan hem ýük götermäge niýetlenilen enjamlar bilen barmak mümkindir. Şeýle-de olaryň bu görnüşini zyýanly mör-möjeklerden goraýan ýörite ýuwujy serişdeler bilen ýuwmak zerurlygy ýokdur. Daşky howa gurşawynyň täsiri astynda mümkin bolan guramak, jaýrylmak, çüýremek hadysalaryna uzak wagtlap durnuklydyr.

Poddonlar howply we ýiti himiki serişdeleriň ýaramaz täsirlerine, sowuk we gyzgyn howa şertlerine çydamlydyr we önümleriň ähli görnüşlerini ýüklemekde, düşürmekde, daşamakda hem-de saklamakda netijeli peýdalanylyp bilner.

2022